Aşgabat şäherinde “Gülzemin” dynç alyş söwda merkezinde ýerleşýän “Altyn” restoranda “Bärde Biz” biznes katalogynyň ikinji sanynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Çärä işewürler, žurnalistler, medeniýet we sungat işgärleri çagyryldy.
“Bärde Biz” biznes katalogy, Türkmenistanyň ilkinji piar kompaniýasy bolan “Akenmar” tarapyndan taýýarlanylýar. Katalogda restoranlar, hyzmat pudagy, dokma önümleri, saglygy goraýyş, logistika, önümçilik, IT önümleri, hojalyk harytlary, dükanlar we beýleki ugurlarda biznes edýän kärhanalar barada maglumatlar ýerleşdirilen. “Akenmar” kompaniýasy “Aktam” kompaniýalar gruppasy tarapyndan esaslandyrylan kärhanalardan biri bolup durýar.
“Akenmar” kompaniýasynyň müdiri Maral Annanurowa: «Biziň maksadymyz, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmak bolup durýar. Esasanda B-to-B biznesini rowaçlanmagy üçin “Barde Biz” neşirimiz täsirli gural bolup hyzmat edýär, ” diýip belledi.
“Aktam” kärhanasy birnäçe ugurda iş alyp barýar. Şolaryň biri “Aktam Bazary”, B-to-B biznes gatnaşyklary üçin özboluşly bazar. Aktam Bazarynyň onlaýn portalynda hasaba alnan kompaniýalaryň önümleriniň kataloglaryny yzgiderli ýerleşdirilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hususy telekeçilik çalt depginler bilen ösýär. Häzirki wagtda ýurduň umumy ykdysadyýete hususy eýeçilige degişli biznesleriň goşandy 60%-den geçdi.
Merdan Ataýew
Teswirler