Berdimuhamedow dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine iş sapary wagtynda dikuçarda deňiz şypahanasynyň çäklerinde uçuşy amala aşyryp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak we onuň düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary gaýtalanmajak keşbe eýe boldy. Bu ýerde köp sanly şypahanalar, medeni-dynç alyş we sport toplumlary işjeň hereket edýär. Olar her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly dynç alýanlary hem-de daşary ýurtlardan myhmanlary kabul edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny gözden geçirip, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri guşuçar belentlikden Hazaryň kenarýakasynyň ajaýyp künjeklerini synlap, zolagyň çäginde bina edilýän kottejler toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy.

Deňziň kenarynda dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, hökmany tertipde ekologik ýagdaýlar, ýerli tebigatyň aýratynlyklary hem-de has oňaýly we özüne çekiji gurşawy döretmäge häzirki zaman talaplary nazara alynýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan Hazaryň kenarynda täze senagat, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň maýynda milletiň Lideriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty işe girizildi. Bu desga tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri logistik merkeze öwrülmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarýaka zolagy boýunça dikuçarda uçuşyny tamamlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, tutuş deňiz ýakasyny ösdürmegiň birnäçe ugurlary babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi we Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy hem-de bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok