Hazar deňziniň türkmen zolagyndaky gözleg işlerine “Tatneft” hem gatnaşyp biler

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň  metbugat gullugy onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren  duşuşygynyň netijesinde žurnalistlere berlen habara görä, “Tatneft” JPJ Hazar deňziniň türkmen kenarýakasyndaky ýalpaklykda nebit-gaz ýataklaryny gözlemek işlerine gatnaşyp biler. Bu baradaky habary Atawatan-Türkmenistan internet saýty turkmenistan.gov.tm-e salgylanmak bilen ýetirýär.

Habarda  şeýle diýilýär: «Ýakyn wagtlar üçin «Tatneft» JPJ bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde geljegi uly hasaplanýan taslamalar şulardan ybaratdyr:  täze nebit guýularyny burawlamak we gurmak;  Türkmenistanda nebit ýataklarynyň sanly geologiki we gidrodinamiki nusgalaryny döretmek, nebit  çykaryjy enjamlary (buraw dolotasy, turbalar, sorujy abzallaryň diagnostikasy we beýlekiler) abatlamagyň  önümçiligini ýola goýmak hem-de  Hazar deňziniň türkmen zolagyndaky çig mal ýataklarynda gözleg işlerine gatnaşmak». diýip habar saýty ýetirýär.

Bellap geçsek, Türkmenistan bilen “Tatneft”-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2008-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. «Tatneftiň»  esasy paýdary – Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respulikasydyr, oňa kompaniýanyň paýnamalarynyň 36% -i degişli. Paýnamalaryň 3%-e golaýy gaznaçylyk aksiýalary, 25,75%-i bolsa ADR-de ýerleşdirilendir. Galan paýdalar  aksiýalaryň 34%-niň eýesidir.

Baýramowa Maýa
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok