Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan kamera konsert

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kamera ansambly” kafedrasy hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli konsert geçirdi. Türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen bu konsertde Türkmenistanyň halk artisti Durdy Nuryýewiň skripka, fortepiano we wiolonçel üçin ýazan Trio eseri ýaňlandy. Bu eseri konserwatoriýanyň IV ýyl talyplary skripkada Mekan Meretdurdyýew, wiolonçelda Merdan Baýramow we fortepianoda Ajap Ilowa dagy ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Durdy Nuryýewiň her bir eserinde boluşy ýaly, bu eseri hem ýagty keşpi, owazly saz dili bilen ünsi özüne çekýär. Kompozitor bu Triony 1961-nji ýylda ýazýar. Durdy Nuryýewiň sazlary žanrlarynyň we keşpleriniň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Ol sazly-sahna eserlerini, dürli görnüşde instrumental we wokal sazlaryny, kino üçin sazlary döredýär. Kompozitoryň fortepiano üçin Triosyny konserwatoriýanyň talyplary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Nury Muhadowyň gahrymançylykly temada ýazan “Keýmir kör” operasyndan “Keýmiriň ariýasyny” konserwatoriýanyň talyby Ýakub Muhammedow ýerine ýetirdi, oňa IV ýyl talyp Daniýa Ýazmuradowa sazandarlyk etdi.

Aşgabat şäherimize bagyşlanan bu konsertde Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymyny II ýy talyp Şanur Esenýazowyň sazandarlyk etmeginde Bahram Hüseýinow ýerine ýetirdi. Konserwatoriýanyň mugallymy Maýa Orazberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde  Durdy Nuryýewiň “Soradym seni” aýdymy, Weli Muhatowyň “Bu gün” atly aýdymlary ýaňlandy, oňa I ýyl talyp Sona Nurlyýewa we II ýyl talyp Ogulhan Ýusupowa sazandarlyk etdiler.

Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň “Skripka we fortepiano üçin a-moll sonatasynyň” II-III bölümlerini konserwatoriýanyň IV ýyl talyplary, fortepianoda Kadyr Dolyýew, skripkada Ogulsona Ýazowa ýerine ýetirdiler. Kompozitoryň bu eseri özüniň täzeçilligi we özboluşlylygy, täsirliligi, äheňleýin gurluşynyň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Konsertiň dowamynda kompozitor Kerimguly Garowowyň “Dag jülgeleri” atly skripka we fortepiano üçin ýazan eser ýaňlandy. Eseri I ýyl talyplar skripkada Nurymuhammet Toýlyýew, fortepianoda Kuwwat Annageldiýew ýerine ýetirdiler.

 Nury Halmämmedowyň “Geler” atly aýdymlaryny III ýyl talyp Şemşat Garaýewanyň we II ýyl talyp Merjen Sultanowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.  Şeýlelik-de, Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygyna bagyşlanan konsertiň jemleýji eseri Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň “Aşyklaryň şäheri” atly aýdymy ýerine ýetirildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Tükmen milli konserwatoriýasynda “Kamera ansambly” kafedrasynyň taýýarlan konserti biz talyp ýaşlar üçin diýseň gyzykly boldy. Konsertde ýerine ýetirilen her bir eser özüniň millilige ýuwrulan äheňleri bilen, türkmen halk sazyna golaý saz keşleri bilen tapawutlanýar.

Jeren Halyýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok