“Talyp gözeli-2021” Dünýä dilleri instituty tapgyry

25-nji fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

Bu gözellik bäsleşigi üç tapgyrdan ybarat bolup, onda institutymyzyň talyp gözelleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gyz-gelinlere goýulýan sarpany, özleriniň döredijilige, sungata bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerini, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň waspyny aýdym-saz, goşgy we sahna eserleriniň üsti bilen açyp görkezmekde, Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan ugur alyp milli tagamymyz bolan unaş kesmekde we ene-mamalarymyzdan ýol-ýörelge bolup gelen keşde etmekde özara bäsleşdiler.

Çekeleşikli geçen gözellik bäsleşiginiň ahyrynda baş baýraga Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň II ýyl talyby Şirin Döwranmyradowa mynasyp boldy. I orna Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň II ýyl talyby Bägül Sapaşowa, II orna Rus dili we edeniýaty fakultetiniň I ýyl talyby Maral Amandurdyýewa, III orna bolsa Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň I ýyl talyby Bägül Hanyýewa eýe boldular.

  “Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda ýeňiji bolan talyp gözelleri hormat hatlary we ýädygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Azym ÖWEZOW,
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň öwreniji mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok