Döredijilik çemeni

Watana söýgi

Watana söýgi bu mukaddesdir,
Sebäp Watan beýik enä deňelýär.
Enäni harlasaň Watan harlanar,
Watan bilen ene, köki bir zatdyr.

Ýaşlara Watany söýmegi ündäp.
Ýaşulylar beýik işler bitirýär.
Ak sakallaň wesýetine eýerip,
Ýaşlarymyz Watany has beter söýýär.

Neneňsi söýmejek şeýle diýary,
Eziz Watan söýülmäge mynasyp.
Gerek bolsa şirin janyňdan geçip,
Ata Watan goralmaga mynasyp.

Türkmenistan Garaşsyz hem Bitarap,
Bu Watanyň daban ýeri gymmatly,
Daglary-düzleri, çöl beýewany,
Deňiz-derýalary, bakja-baglary.

Arkadagly şeýle ajap zamanda,
Joşup-joşup şygyr ýazasym gelýär.
Ýazan şygyrlarym aýdyma öwrüp,
Beýik bagşylar dek, joşasym gelýär.

Ýagşyýew Myratgeldi,

TKKJ-niň Baýramaly şäherindäki toparynyň agzasy
2-nji topar görüşi boýunça maýyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok