Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy giňden belleniler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini, gazanylan üstünlikleri parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi. Bu barada TDH habar berýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok