Türkmenistan — Ýewropa Bileleşiginiň parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygy geçirildi

Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Fulwio Martuşello giriş sözünde duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa babatda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda pikirini aýtdy.

Öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýewropaly kärdeşlerini mejlisiň düzümi hem-de esasy wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň maksatlary bilen tanyşdyrdylar.

Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, sebitiň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň sebitde alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berýär. Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň çykyşynda tassyklanyldy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki parlamentara mejlisiň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek ýeri we wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok