2019-njy ýylyň 22-nji iýunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlaryň maslahat beriji Forumy geçirildi. Bu forum “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy: Durnukly ösüş maksatlarynda ýetmegiň ýolunda çagalaryň we ýaşlaryň goşandy” ady bilen geçirildi.
Forumyň başynda Kasymguly Babaýew (Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary), Merdan Gowşudow (Türkmenistanyň Bilim ministriň orunbasary), Siraj Mahmudlu (ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary), Parahat Agaýew (Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriň orunbasary), Süleýman Durdyýew (Türkmenistanyň Magtymgly adyndakyň Ýaşlar guramasynyň başlygyň orunbasary), şeýle-de ýaşlaryň wekilleri Jennet Şatowa we Agageldi Döwletow çykyş etdi.
Forumyň ikinji ýarymynda 2018-2022-nji ýyllar üçin milli meýilnamanyň maksatlary, wezipeleri çagalara düşnükli dilde ýetirildi. Bu seans Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň moderatorlugynda geçirildi.
Nobatdaky seans TMÝG-nyň moderatorlugynda geçirilip onda Ýaşlaryň ÇHHMM-synyň 6 maksady boýunça toparlaryň düzülmegi barada teklipler we garaýyşlar köpçülige ýetirildi.
Günortan naharyndan soňra bolsa Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň moderatorlugynda Ýaşlaryň işjeň agzalarynda düzülen maslahat beriji topary döretmek baradaky meselä seredildi.
Forumda köpugurly teklipler orta goýulsa-da, käbir meseleler doly netijä jemlenmedi.
Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, NGO-laryň wekilleri, telekeçiler, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylarynyň wekilleri gatnaşdy.
Merkeziň giriş zalynda bolsa Türkmenistanda hereket edýän orta, ýokary, orta-ýörite, mekdepden daşary bilim edaralarynyň sergisi guraldy.
Merdan Ataýew,
TSTP-nyň Aşgabat şäher kommiteti
Teswirler