Häzirki zaman dünýäsi yzygiderli ösýän, özgermekde bolan innowasiýalar bilen aýratyn tapawutlanýar. Bilimden ykdysadyýete, saglykdan jemgyýetçilik hyzmatlaryna çenli ähli ulgamlarda tehnologiýalaryň orny barha artýar. Bu özgertmelerde esasy orunlaryň birini innowasiýa we sanly ulgam eýeleýär. Olar jemgyýetiň ösüşine täze ýol açýar, işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar, adam mümkinçilikleriniň giňelmegine şert döredýär.
Innowasiýanyň düýp manysy — täzeçillikdir. Ol bar bolan ýagdaýy has kämilleşdirmek, täzelik girizmek we döwrebap çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly düşünjedir. Häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän ösüşleriň özeninde, esasan hem, tehnologik innowasiýalar durýar.
Sanly ulgam bolsa şol innowasiýalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasy guralydyr. Sanly ulgamyň kömegi bilen maglumatlaryň ýygnalmagy, saklanylmagy we alyşylmagy has tiz we ygtybarly bolýar. Sanly çözgütler raýatlaryň gündelik durmuşyna ornaşyp, olaryň hyzmatlardan peýdalanmagyny ýeňilleşdirýär. Elektron hökümet ulgamy, onlaýn bilim platformalary, sanly saglyk hyzmatlary — bularyň hemmesi döwletiň sanlylaşma ýolundaky möhüm ädimleridir.
Türkmenistanyň hem innowasiýalaryň we sanly ulgamyň ösüşini strategik ugur hökmünde saýlap almagy, ýurduň häzirki zaman ösüşine bolan ygrarlylygyny görkezýär. Ýurdumyzyň dürli edaralarynda we bilim ojaklarynda innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, sanly bilim ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede terbiýelenmegini üpjün edýär.
Netijede, innowasiýa we sanly ulgam diňe bir tehnologik ösüşiň däl, eýsem jemgyýetiň ähli ugurlarynda adam başarnyklarynyň ösmegine, işleriň has netijeli guralmagyna hem şert döredýär. Täzeçil pikirlenmäge açyk, sanly tehnologiýalara ussat ýaş nesli ösdürmek bolsa geljege ynam bilen gadam basmagyň esasy şerti bolup durýar.
Ýazbibi AKYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler