Türkmenistan-Malaziýa: ygtybarly gatnaşyklaryň täze tapgyry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşrtli ertirlerini  nazarlaýan oňyn başlangyçlary, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty bu günki gün  hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň   baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Przidentimiziň ýadowsyz tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan Watanymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de  özara bähbitli,ynamdar hyzmatddaş hökmünde tanalýar.Dostlukly ýurtlar bilen  diplomatik gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar.

Munuň şeýledigine “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň 18-19-njy dekabrynda Malaziýanyň Premýer ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň  Malaziýa Federasiýasyna resmi iş saparyny amala aşyrandygy hem güwä geçýar. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň  Malaziýa ilkinji resmi iş saparynyň çäklerinde geçirilen  ýokary derejedäki gepleşikler hem özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar. 

Türkmenistan bilen Malaziýa Federasiýasynyň  arasyndaky  32 ýyl mundan ozalky ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar barha işjeň häsiýete eýe bolýar.

Bu günki gün Türkmenistan Malaziýa bilen  ikitaraplaýyn esasda  bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklary işleňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimi barha giňelýär. 1998-nji ýyldan bäri Malaziýa Federasiýasynyň  Petronas  Tehnologiki uniwersitetinde bilim alýan  Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin halkara bilim maksatnamasynyň  amala aşyrylýandygy, şeýle-de  gysga möhletli  guralýan okuwlar arkaly hünärmenleri kämilleşdirmek işleriniň hem  ýola goýlandygy bellärliklidir.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň   saparynyň  çäklerinde Türkmenistanyň  Hökümet wekilýetiniň agzalary malaziýaly kärdeşleri bilen özara bähbitli geçiren gepleşikleriň esasynda, ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň şernama-hukuk binýadyny  pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekdiler. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 5-si bilen Malaziýanyň abraýly unstitutlarydyr uniiwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek  hakynda Ähtnamalar alşyldy.  Şol sanda biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen   Malaziýanyň Tenaga uniwersitetiniň,  şeýle-de  Malaziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary alyşmaklary   biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Şol bir wagtda Malaziýanyň uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda, şeýle hem Malaziýanyň Tenaga uniwersiteti bilen Türkmen döwlet energetika institutynyň we Malaziýanyň Sanweý uniwersiteti bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommumikasiýalary institutynyň arasynda özara düşünişmek  hakynda Ähtnamalaryň alyşylmagy has-da guwandyryjydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli  tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän  hormatly Przidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň   taýsyz-tagallalary bilen bu gunki gün  türkmen raýatlarynyň  300-e golaýynyň Malaziýanyň abraýly ýokary okuw mkdeplerinde okap, hünär öwrenýändikleri  guwandyryjydyr. 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen  Malaziýanyň Premýer ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň arasynda gazanylan ylalaşyklar beýleki pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň barha giňeldiljekdigine, hünärmenleri taýýarlamak boýunça  gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine güwä geçýär.  

Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp,özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!  Il-ýurt bähbitli,umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin!

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok