Ata Watanymyz hemmetaraplaýyn ösüşe beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasy netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly rowaçlyklara beslenýär, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär.

Ýurdumyzda oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine, bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýokary guramaçylyk derejesiniň gazanylmagy, ak bazarlarymyzy dürli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi, welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi esasy üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyz bilen daşary döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, dürli ulgamlara täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler amal edilýär, medeni-durmuş, senagat we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary derejede alnyp barylýar.

Paýtagtymyzda eksport harytlarynyň sergileri, işewürlik maslahatlary geçirilýär. “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy”; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy hem geçirildi.

Umuman hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, dünýä jemgyýetçiligi bilen ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda giň gerimli başlangyçlary rowaçlyklara beslenip, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan mähriban halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi köňüllere uly buýsanç paýlaýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok