Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana ugratdy

Gyrgyzystanyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, Türkmenistan ynsanperwerlik kömegi hökmünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana muzdsuz iberdi. Bu baradaky degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti 2-nji fewralda gol çekdi.

Gyrgyzystana ugradylan suwuklandyrylan gaz “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan taýýarlanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok