Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklary ösdürilýär

Ýaňy-ýakynda Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkmenistana amala aşyran 2 günlük saparynyň dowamynda birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan wekiliýeti Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow bilen “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Şeýlelik-de, saparyň çäklerinde 2024-nji ýylda elektrik energiýa üpjünçiligi babatda şertnama gol çekildi. Ýagny şertnama laýyklykda, 4 ugur boýunça 1,8 milliard kilowat-sagada çenli elektrik energiýasy iberiler: Andhoý, Akina, Badgis we Turgondaý-Hyrat.

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy 500 kW-lik Şibergandan Argandaýa çenli elektrik geçiriji liniýasynyň tamamlanjaakdygyny mälim etdi. Şeýle-de, Hyrat welaýatyndaky Nur-ul Jihad kiçi bekediniň taslamasy barada pikir alşyldy. Bu ugurda owgan kompaniýasy bilen “Türkmenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda şertnama baglaşylypdy we türkmen tarapy gysga wagtda bu taslamany durmuşa geçirer.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz söwda we ykdysady ugurda möhüm energiýa, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Şolaryň arasynda Akina ― Andhoý demir ýoly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, döwletara energiýa magistralynyň ― TOPH gazgeçirijisiniň owgan bölegini gurmak ýaly taslamalar bar.

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna ählitaraplaýyn goldaw berýär.

Amangeldi ARAZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok