Türkmenistanda zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerleriň biri hem zyýarat syýahatçylygyna degişli bolan Gözli atanyň ýatan ýeridir. Gözli atanyň gubury Garagumda, Türkmenbaşy şäheriniň 150 kilometr demirgazyk-gündogarynda Çilmämmetgum bilen Akgyr dag ulgamynyň aralygynda ýerleşýär. Ol ýerde iki sany ýanaşyk duran kümmetiň biri Gözli atanyň beýlekisi bolsa, onuň ýanýoldaşy Aksuluw enäniň kümmetleridir. Dört reňkli, dört dagdan emele gelen tebigy gala bilen gurşalan oýuň içinde ýerleşýän bu keramatly ýere zyýarata gelýänleriň sany-sajagy ýok. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän zyýaratçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurulypdyr.
Aslyny dört çaryýarlaryň üçünjisi Hezreti Osmanyň öwlatlarynyň ilkinjisi Abdulla Ekberden alyp gaýdan, halkymyzyň arasynda Gözli ata ady bilen tanalýan Muhup Ibn Hasan XII-XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr diýip ýazuw çeşmelerde ýatlanyp geçilýär. Gözli ata 1110-njy ýylda Horezmde dogulýar we dini mekdepde okaýar. Gözli atanyň Hoja Ahmet Ýasawynyň elinde okanlygy barada ýazuw gollanmalarda maglumatlar bar. Gözli ata Mangyşlak we Üstýurtda yslam dini okuwyndan ders berip başlaýar, şeýle hem sufi (sopuçylyk) mekdebine ýolbaşçylyk edýär. Ol ylym-yrfany we tarykat esaslaryny beýik Türküstan welisi Hoja Ahmet Ýasawydan öwrenipdir.
Gözli atanyň Nur ata, Omar ata, Ybyk ata (Ybraýym ata) diýen üç sany ogly, Aýsulu we Akbibi diýen iki gyzy bolupdyr. Häzirki zamanda Gözli atanyň üç oglundan bolan nesilleri Türkmenistanyň, Eýranyň, Garagalpagystanyň dürli welaýatlarynda ýaşaýarlar. Gyzlarynyň biri Gerkeze, beýlekisi bolsa ärsary taýpasyna gelin bolup gidýär we başga taýpa-tirelerde Gözli atanyň garyndaşlyk bagyny döredýärler. Gözli ata atalaryň şejeresinde 25-nji arkasy bolup, ol atalaryň iň soňky nesilbaşysy diýip hasaplanylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, täsin öňden görüjilik ukybynyň bolanlygy üçin halk oňa Gözli ata diýen lakamy dakypdyr. Onuň geljegi görüp aýdan zatlary haýran ediji takyklygy bilen amala aşypdyr.
Dessegül BAÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler