Bilşimiz ýaly, 19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, saparda Döwlet Baştutanymyz BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen gadyrly duşuşyp , BMG – nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde häzirki wagtda parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmakda, şeýle hem ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we başlangyçlary beýan etmek bilen ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.
Şeýle-de saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna hem gatnaşdy.
Mundan başgada-da hormatly Prezidentimiz ýurt ähmiýetli meseleler babatda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) başlygy Şarl Mişel we Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen hem duşuşyk geçirdi. Şeýlelik-de ýurt baştutanymyz Nýu -Ýorkda saparda bolmagynyň çäginde “Metropoliten” sungat muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişligi hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy üstünlikli tamamlanandan soň 21-nji sentýabrda ýurdumyza geldi.
Umumy pikire görä, şu döwlet saparynyň netijeleri dünýä döwletlerini jebisleşdirimäge, global meseleleri birlikde çözüp, dünýä ýüzünde emele gelýän howpsuzlygyň öňüni almaga, şeýle-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň biri boldy.
Şirin HANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler