Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna bagyşlanan sergi geçirildi

Garaşsyzlygymyzyň taryh üçin uly bolmadyk 32 ýyllyk döwründe halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmekde, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilip, ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidir.

Mälim bolşy ýaly, 20-21nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi geçirildi. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetde, hususy pudakda, senagatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ýörite diwarlyklarda görkezildi.

Nobatdaky sergide ýurdumyzdaky döwlet we hususy edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň alyp barýan işleri giňişleýin öz beýanyny tapdy. Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirildi.

Aýgül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok