Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berk binýatly döwleti gurmakda, milli gymmatlyklary dünýä ýaýmakda baý tejribesi bolan merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bu gün kämil sungat derejesine ýetirilýär. Bu gün goýnunda döreýän milli medeniýeti, medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň dowamat dowamy Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa galdyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň medeni ugurda gazananlaryny dünýä ýaýmak, ony ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan işleri täze derejelere eýe bolýar. Türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, küştdepdi aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, türkmen dutary hem-de türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatly nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Diýarymyzda bu işleriň gerimini we ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, medeni mirasymyzy içgin öwrenmäge höwesjeň nesilleri çekmek başlangyçlaryna hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, medeni diplomatiýasy, merdana pederlerimiziň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň toplumy batly depginde badalga alýar. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň taryhy, halkara guramalarynyň alyp barýan işleri we wezipeleri, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri we olaryň öwrenilişi, medeni däp-dessurlaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Aýratyn-da, halkymyzyň milli özboluşlylygyny, baý medeni gazananlaryny tutuş adamzadyň gymmatlygy derejesinde öwrenmek, goramak we milli sungatyň taryhy, jemgyýetçilik ähmiýeti bilen birlikde ony döretmegiň ýollary, nesilden-nesle geçirmek däpleri şöhratly taryhymyzy dabaralandyrýar, milletimiziň, ýurdumyzyň abraý-mertebesi arşa göterýär. Bu babatda alnyp barylýan başlangyçlaryň ruhy gymmatynyň ähmiýeti hem ýokarydyr. Mähriban halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda döwletli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler