Milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýýan Türkmenistan Diýarymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň medeni ojagy. Geçmiş taryhy şöhratly türkmen halkymyz umumadamzat mirasyna, dünýäniň medeni babatdaky ösüşine mynasyp goşant goşan halkdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy, köpöwüşginli we baý mirasymyzy öwrenmäge we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy ÝUNESKO-nyň abraýly nusgalarynyň sanawynda biziň milli gymmatlyklarymyzyň hem orun almagy kalplary çäksiz guwanja besleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny öwrenmegiň ähmiýeti bu gün esasy üns merkezinde saklanylýar. Türkmen halkymyz özüniň milli keşdeçilik, halyçylyk sungaty, keçe basmagyň milli tejribesi, demir ussaçylygy, türkmen milli tagamlary, dessançylyk sungaty, dokmaçylygy, dutar ussaçylygy, amaly-haşam sungaty ýaly ugurlary bilen bu gün dünýä ýüzüne meşhur. Halkymyzyň baý medeni gymmatlyklaryny öwrenmek möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň üçin ähli şertleriň bar. Bu ugurda döredilen giň mümkinçilikler asyrlaryň ýörelgesi hökmünde nesiller üçin gymmatly göreldedir. Milli mirasymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, milliligimizi öwrenmekde, gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda, bu ugurda halkara derejesinde özara tejribe alyşmakda, şeýle asylly ýörelgeleriň mynasyp derejede dowam etdirilmeginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ýörelgeli ýoldur.
Nurana PYGAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler