Dana pederlerimizden, paýhasly ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan döwri bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasynyň özboluşly aýratynlyklaryny, ösüşini, nesiller üçin ýokary terbiýeçilik ähmiýetini içgin öwrenmäge gönükdirilen netijeli işler uly rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän taryhy we medeni gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalaryny goşmak baradaky tagallalar giň goldawa eýe bolýar. Çünki milli miras halkymyzyň başynyň täjine, kalbynyň buýsanjyna, diliniň senasyna öwrülen ebedi baýlygymyzdyr. Dünýä belli şeýle gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen alabaýydyr. Geçmiş taryhymyzdan şu güne çenli alabaý halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Gaýduwsyz, wepaly, batyr hem örän düşbi bolan türkmen alabaýlary halkymyzyň müňýyllyklara daýanýan ajaýyp hem gadymy milli nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowamaty netijesinde bu gymmatlygyň sarpalanmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda itşynaslygyň kämilleşdirilmegi, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen alabaý itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi, türkmen alabaýynyň at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy babatda uly tagallalar edilýär. Muňa Halkara alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi we «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Bu ugurda milli itşynaslygyň milli hem gadymy däpleri mynasyp derejede dowam etdirilýär. Alabaýlary ýetişdirmegiň milli tejribelerinde onuň ähli aýratynlyklaryny saklamaklyk esasy wezipeleriň biridir. Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklaryň eýesidigini we olaryň dünýä derejesinde ykrar edilmegi dogrusynda ýurt derejesinde uly aladalaryň edilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Serdar ÖRÄÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler