Milli senediň mukamy – dünýäniň ykrary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň oňyn tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli mirasymyzy has-da baýlaşdyrmak hem-de ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO edarasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine ýardam edýär. Munuň şeýledigine beýleki milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň subut edýär. Merdana halkymyzyň dutar saz guralynyň şirin mukamy bagtyýar zamanamyzyň belent waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň hoş owazy bolup ýaňlanýar. Şular dogrusynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary bolan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti» ýaly ajaýyp eserlerinde hem giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky bu gymmatly eserleri türkmeniň milli saz guraly bolan dutar saz guralynyň gadyr-gymmatyna, halkymyz tarapyndan milli gymmatlyk derejesinde arzylanýan bu saz guralynyň ähmiýetine çuňňur düşünmäge ýardam berýär. Şeýle hem türkmen halkynyň milli saz gurallarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň geljekki nesillere ýetirilmegi we ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek boýunça asylly işleriň ýola goýulmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatynyň ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli, dünýä möçberli alyp barýan beýik işleri hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

Döwletmurat ESENOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok