Milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek, dünýä ýaýmak babatdaky netijeli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikleri, ösüş üçin berk binýady bagyşlaýar. Milli medeniýetimiz hem sungatymyz pajarlap ösýär. Türkmenistan Watanymyzda medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy aýawly gorap saklamakda taryhy, ülkäni öwreniş muzeýleri, arhiw işi, kitaphanalar, taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak boýunça goraghanalary uly roly oýnaýar. Bular medeni-milli özboluşlylygy saklap galmaga we ösdürmäge, medeniýetiň döreýşi we ösüşi hakyndaky maglumatlaryň çeşmelerini ygtybarly goramaklygy üpjün edýär. Türkmen halkynyň medeniýetini dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek hem-de wagyz etmek ulgamlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklary hem yzygiderli kadalaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kitaphanalar, muzeýler, sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň milli däplerini aýawly saklamaga we ösdürmäge, dikeltmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni kuwwaty köp ulgamlarda, şol sanda ylymda we bilimde, syýahatçylykda, sebitara hem-de halkara gatnaşyklarda netijeli ähmiýete eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde, taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň iň naýbaşy nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizilmegini aýdyp bileris.
Şular bilen bir hatarda, milli mirasymyz Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde giň many-mazmun bilen şöhlelendirilýär. Bu gymmatly eserler türkmen halkynyň milliligine, medeni aýratynlyklaryna içgin düşünmäge esas döredýär. Bu gymmatly eserleriň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bolsa dünýäniň ençeme ýurtlarynyň halkymyzyň baý we köptaraply medeniýetiniň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Muňa mysal edip, deňi-taýy bolmadyk türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», türkmen saz sungatynyň ajaýyp wekilleri barada gürrüň açýan «Ile döwlet geler bolsa…», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», şeýle hem ajaýyp ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýyna bagyşlanan neşirleri görkezmek bolar.
Bu ugurdaky alnyp barylýan halkara derejesindäki işler döwletara gatnaşyklaryň özboluşly sazlaşygydyr. Umumadamzat medeniýetinde gaýtalanmajak keşbiniň bolan milli mirasymyzyň ösüşleri halkymyzyň ruhy köklerine wepalylyk, medeni mirasyň, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy bilen döredilen köpasyrlyk özboluşly däp-dessurlarynyň aýawly saklanylmagyny şertlendirýär.
Gözel HÜMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler