Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, golaýda, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda, hususan-da: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik işleri amala aşyrmagy maksat edinýäris. Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňde goýduk. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýlip bellenilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Olar, aýratyn hem, ulag-kommunikasiýa ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işlere, bu ugurda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýarlar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda hem ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler ýokary depginde dowam etdirilýär.
Goý, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!
Baýram ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.
Teswirler