Asylly ýörelgeleriň dowamy

Watan ähli mukaddeslikleriň gözbaşydyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşlere beslenýär. Ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun taýdan ykrar edilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn taryhy waka boldy.

Gahryman Arkadagymyz bu uly ynamy ýurt başyna geçen günlerinden ýurdumyzy ösdürmekde ýerine ýetiren beýik işleri bilen ödemegi başaran beýik şahsyýetdir. Milli Lider milletiň buýsanjy, döwletiň daýanjydyr, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesidir.

Ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda milli parlamentiň wekillerine, olaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolup durýar. Häzirki döwürde syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýüregi gurmak, döretmek, özgertmek hyjuwyndan möwç urýan ýaş nesliň egsilmez joşgunyndan gözbaş alýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda halk bähbitli beýik işler ýerine ýetiriler. Ýurdumyzda ýaş nesle ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Bereket NURYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok