Ýylyň şygary ― köňülleriň çyragy

Ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginden ugur alnyp, täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän içeri we daşary syýasatda ägirt uly ösüşleri alamatlandyryp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy.

Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berip gelýän halkymyz özüniň geljegini olar bilen baglanyşdyrýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýip, adalatly belleýär. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň we döredip beren şertleriniň netijesinde watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän we täze ykdysady şertlerde işlemäge ukyply ýaşlar kemala geldi. Şeýlelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» bolan 2023-nji ýyl olaryň ýiti zehinini, döredijilik başarnygyny, dürli ugurlar boýunça ukybyny doly derejede ýüze çykarmagyň özboluşly badalgasy bolar.

Döw­let­li ýo­luň ak gel­je­ge do­wam bol­ma­gy üçin türk­men ýaş­la­ry­na bil­di­ril­ýän ynam ýo­ka­ry. Şol yna­my öde­mek, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ňy goş­mak, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek ýaş­lar üçin parz­dyr. Halk bäh­bit­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz bi­ze gö­rel­de.

2023-nji ýyl «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýär. Ber­ka­rar döw­let­de bag­ty­ýar ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän uly ynam buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Goý, 2023-nji ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Türk­men ýaş­la­ry­na bil­di­ril­ýän ynam özü­niň mi­we­si­ni be­rip, ta­ryh sa­hy­pa­la­ry­na buý­sanç bi­len ýa­zyl­syn!

Mahym ORAZOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok