Ýylyň şygary — köňülleriň kelamy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň röwşen geljeginiň mynasyp eýeleri boljak ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim almaklary, il-ýurdumyza gerekli hünärleriň eýeleri bolmaklary ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Täze başlanan ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa bu babatda alnyp barylýan işleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyrar. Ol ýaşlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly bolup, beýik döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmäge, ata Watanymyzda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmelere netijeli gatnaşmaga borçly edýär.

Her bir gelýän ýylyň maksatnamalaýyn atlandyrylyşynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini täze derejelere galdyrýandygyny geçen ýyllaryň tejribesi hem aýdyň görkezýär. Ýylymyzyň adynda Arkadag Serdarly ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň özara sazlaşykly ösüşinde paýynyň uludygyna, şu günümiziň hem-de geljegimiziň olar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsüňi çekýän hikmet bar.

Ylymly-bilimli ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, saýlawly guramalaryň işine hem-de taryhy çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurt we dünýä ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem ýaşlarymyz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgerişliklere gujur-gaýratly ýaşlarymyz zähmet paýlaryny goşmak üçin tutanýerlilik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurda rowaçlyk getiren ýoluny, agzybir bolup üýşmek, döwletli maslahat etmek, parahatçylykda, asudalykda il-ýurdy dolandyrmak, gurmak, döretmek ýaly Oguz ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirmegi şol ýörelgeleriň ukyply ellerde täzeçe dabaralanmasydyr.

Garaşsyz döwletimiz ata-baba parahatçylykly ýaşaşmak syýasatyny yzygiderli ýöredýär. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna we başga-da köpsanly döwletlere saparlary halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltdi. Şeýle asylly ýörelgeler Türkmenistan döwletimize dünýä ýüzünde uly mertebe getirýär. Geçmiş tejribesine hormat goýýan, iň gowy däp-dessurlaryny ösdürip bilýän ýurduň we halkyň durmuşy mydama rowaçlyga beslenýär.

Ysmaýyl BEGNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok