«Konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki geçiren maslahaty mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli   merkeziniň gurnamagynda “Konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry” atly maslahaty geçirildi.

Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge, hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär.

Bu maslahata dürli edara kärhanalardan myhamanlar gatnaşdylar, bu maslahatyň dowamynda  täsirli çykyş etdiler.

Döwletiň kanun çykaryjylyk işini, ýurduň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kamilleşdirmek – ösýän döwrüň talaby bolup durýar. Halkymyzyň döwletiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döredilýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty beýik sepgitlere ýetmegiň ýolunda, türkmen döwletiniň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Ogulnar Baýramowa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli  merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik 
işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok