Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylynyň ahyrky günlerinde «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçilen ýola nazar aýlamak kalbyňa bagtyýarlyk şuglasyny çaýýar. Bu bagtyýarlyk «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň her bir gününde halkymyzyň durmuşyny gülletmäge gönükdirilen, umumadamzat bähbidini nazarlaýan tutumlara, täze-täze başlangyçlara beslendi.
Mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bosagamyzdan ätleýän ýylyň hem, öňki ýyllar ýaly, ata Watanymyza uly üstünlikler getirjekdigine, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratyny artdyryp, abraý–mertebesini beýgeltjekdigine berk ynanýarys.
Goý, täze ýyl düşümli, rysgal-bereketli ýyl bolup, hemmä şatlyk getirsin! Halkymyzyň ajaýyp durmuşda, baky bagtyýarlykda ýaşamagy, döretmegi, gurmagy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Bossan SAPAROWA,
Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bagynyň müdiri.
Teswirler
Yaslaryn yyly.gowy yyl