Bu ýurt biziň Watanymyzdyr, mähriban topragymyzdyr!

Her bir ene öz perzendiniň bagtly bolmagyny arzuw edýär. Bagt diýilýän zat bolsa, her bir perzendiň jemgyýetde öz saýlap alan hünäri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmagy bilen baglanyşdyrylýar. Biz – bagtyýar zamananyň bagtly ýaşlary şu eziz Watanyň, şu sahawatly topragyň perzendi bolup doglandygymyza, şu beýik döwürde ýaşaýandygymyza buýsanmaga haklydyrys!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklar bilen nurlanýan zamanamyzda agzybir türkmen ilimiz bagtyýar. Bu bagtyýarlyk her bir türkmen raýatynyň kalbynyň joşgunyna, diliniň senasyna öwrüldi. Berkarar Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Watan, toprak mukaddesligi ýaly gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýar. Bu beýik işler kalplarda soňsuz söýgüni, çäksiz guwanjy artdyrýar. Ata Watana, mukaddes topraga bolan söýgimiz bizi täze işlere ruhlandyrýar, bagtyýar geljegimizi ýagtylandyrýar.

Mähriban topragymyz – biziň namysymyz, arymyz, dünýe malymyz hem barymyz. Ata Watan, ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr. Altyndan arzyly, zerden zyýada bu jümleler tutuş adamzat üçin ýaşaýşyň şamçyragydyr. Watan, toprak ýaly mukaddesliklere düşünmegiň, oňa sarpa goýmagyň halkymyz üçin ýörelgeli ýoldugyny nesillere wesýet etmekde Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi biz üçin terbiýe mekdebidir. Bu topraga ata-babalarymyzyň ruhy, ene­-mamalarymyzyň hüwdüsi siňendir. Gadymyýetden şu güne çenli milliligi kalbyna ýugrulan halkymyzda Watan hem toprak düşünjeleri mukaddeslik hasaplanyp gelipdir. Bu ýerler türkmen diýen beýik milletiň döwlet tapyp, dünýä ýol salan ýerleridir. Bu ýerler şöhratly ata-babalarymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleriniň wysal tapan ýerleridir!

Mukaddes topragymyz, eziz Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri bilen beýikdir. Şeýle asylly ýörelgeleri rowaç eýleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza watansöýer ýürekleriň alkyşlary egsilmezdir. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly wesýetlerini, paýhasly sözlerini özümize ýörelge edinip, biz, Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar ýaşlary eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, oba hojalygyny ylmy esasda ösüşlere beslemekde jan aýaman okajakdygymyza, döretjekdigimize, yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri bilen Watanymyzy berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, mähriban topragymyz, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri bagta gujak açýan rowana ýollarda barha batlansyn!

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok