9-njy dekabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna ýaşamak üçin döwrebap şertleri döretmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasynyň işgärleri üçin 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Teswirler