Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram Baýdak kimin parlasyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan – söwer ýurdum Garaşsyz.
Atamyrat ATABAÝEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda belent maksatly başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar, uly ösüşler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly toýuna barýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bitirilen işler juda köp. Özgertmeler, ösüşler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap aldy, ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Türkmen döwleti öz oýlanyşykly syýasaty bilen dünýä üçin ösüş, hyzmatdaşlyk, dostluk, abadançylyk ýollaryny açdy. Bu beýik taryhy işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk».
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan senedir. Köňülleriň buýsanjyna öwrülen bu şanly senäni halkymyz her ýyl zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar, ony beýik ösüşler bilen şöhratlandyrýar. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we köpugurly maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar. Bu döwürde eziz Diýarymyz täze ösüşlere eýe boldy.
Goý, halkymyzyň, ýurdumyzyň abraý-mertebesini ýeňişleriň basgançaklary bilen barha belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Mähri DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler