Ýakyn wagtda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolar. Bu barada, Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 12-16-njy sentýabr aralygynda BAE-ne dowam edýän iş saparynyň barşynda BAE-niň DIM-de döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen geçiren duşuşygynda belläp geçildi.
BAE-niň Prezidenti Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça amala aşyryljak resmi saparda, türkmen-arap gepleşikleri geçiriler we birnäçe möhüm resminamalara gol çekiler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Teswirler