9-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumy geçirildi. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň wekillerini, ýaşlar parlamentara assambleýasynyň agzalaryny, ýaşlar jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Forumyň gün tertibine ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri girizildi, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumynyň açylyşyndan soňra, oňa gatnaşyjylara söz berildi. Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy hereket edýän 30 ýylynyň dowamynda özüni parlamentarileriň halkara derejede üstünlikli hyzmatdaşlygy üçin netijeli düzüm hökmünde görkezdi. Şu döwrüň dowamynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan GDA gatnaşyjy döwletleriň umumy kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmegine gönükdirilen 600-den gowrak kanun kabul edildi. Munuň özi GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň biziň ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygynda köp sanly oňyn tekliplerdir taslamalar boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Güller JORAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler