GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly gowşuryldy. Bu medal gowşurylyş çäresi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 18-ne Moskwada, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň duşuşygynyň çäklerinde bolup geçdi.
Çärede mundan başga-da iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginiň geljegine garaldy we bu barada birnäçe ugrlar hakynda özärä pikir alyşyldy.
Halkara Bitaraplyk güni her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk güni BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ýörite Kararnama kabul etdi. 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.
Aýgözel ÖWEZOWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler