11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp duşuşandygy hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirdi.
Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýratyn belläp, jenap Bagdad Amreýew döwlet Baştutanyny Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha belende galmagyny şertlendirýän giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman Türkmenistan bilen bu guramanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyran bu forumyň ähmiýetini bellediler.
Gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ulag we logistika, energetika, ekologiýa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Jenap Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň aýdan gymmatly teklipleri Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariatynda göz öňünde tutulýar we olary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde tagalla ediler.
Şol bir wagtyň özünde taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklary müňýyllyklaryň jümmüşine tarap uzap gidýän umumylyklaryň, türki dilli döwletleriň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Stambulda geçirilen sammitinde öňe süren medeni hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly goldawa eýe boldy.
Häzirki döwürde guramanyň Sekretariaty degişli maksatnamanyň üstünde işleýär. Onda köp sanly çäreler, hususan-da, halkara ähmiýetli maslahatlar, dürli neşirleriň çap edilmegi, ylmy barlaglar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymgulynyň ýadygärligini oturtmak, uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guramanyň Sekretariaty bu ugurda has giň möçberde iş alyp barar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň täze anyk mazmun bilen üstüniň ýetirilip, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Teswirler