Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Delide duşuşarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň we Hindistanyň daşary işler ministrleri 18-19-njy ýanwar aralygynda, Merkeziýa Aziýa döwletletiniň ýolbaşçylarynyň Hindistana saparynyň öňüsyrasynda özara gepleşikleri geçirerler.

“Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň sapary, Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky gepleşikleriň ilkinji sammitini alamatlandyrýar” -diýdip RepublicWorld-yň Hindistandaky şahamçasy belläp geçýär.

Geljek hepdäniň ahyrynda bu formatda ministrler duşuşygy üçünji gezek geçiriler. Birinjisi 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde bolup geçdi. Şeýle duşuşygyň ikinjisi bolsa 2020-nji ýylda wirtual görnüşde geçirilipdi.

Nuryýew Mämmetoraz

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok