Nissan kärhanasynyň täze önümi

Dünýä belli Nissan kompaniýasy Ýaponiýanyň Kosmiki Gözleg Agentligi (JAXA) bilen öndüren Aýdaky gözleg işlerini ýerine ýetirjek täze ulagy bilen tanyşdyrdy. Bu ulagda ýer ýüzünde häzirki wagtda giňden ýaýrap başlan elektromobilleriň hereketlendirijisi ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de, kärhananyň hünärmenleri bu özboluşly ulagyň Aýyň tekiz bolmadyk ýerlerinde hem kynçylyksyz hereket etjekdigini aýdýarlar. Mundan başga-da, Günden energiýa alyp işlejek bu sürüjisiz ulagyň häzirlikçe haçan doly derejede köpçülige görkeziljekdigi mälim edilmedi.

Başga bir tarapdan bolsa Ýaponiýanyň Kosmiki Gözleg Agentligi (JAXA) belli şereketleriň ýene biri bolan Honda bilen hem täze ulaglaryň üstünde bilelikde işleýärler.

Bekmürzäýewa Merýem

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok