TOHU-da halkara standartlara bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýakynda S.A.Nyýazow  adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň   gatnaşmagynda “ylymlar güni” atly  ylmy amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwerisitetiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bu gezekki duşuşykda kärhananyň işlerini dolanşygynyň hiliniň talabalaýyklygyna baha berýän ISO, oba-hojalyk pudagynda zähmet çekýän edara-kärhanalaryň iş hiline baha berýan GLOBAL G.A.P halkara standart şahadatnamalary barada boldy.

Bu standartlar barada “Arassa nusga” hojalyk jemgyýeti hem-de “Standart hyzmat” kärhanasynyň wekilleri çykyş etdi, we diňleýjileriň soraglaryny jogaplandyrdy.

Çykyşyň dowamynda ISO 9001  standartlar barada ginişleýin beýan edildi. TDS ISO 9001 “Hil menejmentiň ulgamlary” halkara standarty  bilen sazlaşdyrylan resminamalaryň dolandyrylyşyny guramak, meseleleri prosesleýin  we ulgamlaýyn  çemeleşip çözmek, seljerme işlerini yzygiderli alyp barmak  bilen hile edilýän  gözegçiligiň nokatlaryny kesgitlemek ýaly işler geçirilýar.

TDS ISO 9001 “hil menejmentiň ulgamlary”  aşakdaky ýörelgani oz içine alýar:
– Müşderileriň islegini kanagatlandyrylmagy
– Netijeli we täsirli ýolbaşçylyk edillmegi
– Işgärleriň ussatlygynyň artdyrylmagy we işewür gatnaaşyklaryň ösdürilmegi
– Dolandyrmaklyga  ulgamlaýyn  çemeleşmek

TDS ISO 9001 standarty boýunça  sertifikat berlen  kärhanalarda şu aşakdaky ýaly netijeler gazanylýar:
– Maksada okgunlylyk we tutanýerlilik
– Kärhananyň abraýynyň we sarp edijiler tarapyndan bildirilýan ynamyň güýçlenmegi
– Müşderileriň sanynyň artmagy
– Bäsdeşlige ukuplylygyň yokarlandyrmak

Muhammetguly Maşadow
Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok