Gyşyň ilkinji gary Köpetdagda

Şu gün Köpetdagda gyşyň ilkinji gary göründi. Paýtagtymyzyň islendik künjeginden tebigatyň bu ajaýyp görnüşine syn etmek bolýar. Bu barada Türkmenportal öz sahypasynda habar berdi. 

Türkmenler gyş paslyny dört döwre bölýärler, ýagny olar garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyşdyr. Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä gyş pasly noýabr aýynyň 23-inden fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýän döwri öz içine alýar. Häzir bolsa Ýurdumyzda gyş paslynyň akrapdan soňky gelýän garagyş döwri dowam edýär.

7-nji dekabra çenli dowam edýän garagyş döwrüniň ahyrky günlerinde Köpetdagda gyşyň ilkinji ak garynyň görünmegi bu ýylky geljek gyş paslynyň ygally boljakdygyny hem-de ýaz paslynyň has-da bereketli geljekdigini görkezýär.

ÇARYÝEWA Gülnäz

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok