Eýran bilen ozalky gaz ylalşygy gaýtadan dikeldiler

Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde, Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bar bolan bökdençlikleri aradan aýryp, gaz ylalaşygyny gaýtadan dikeltmek baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran Lideri “Eksportyň artmagyny we ösüşi gazanmak üçin biz bökdençlikleri aradan aýyrmaly” diýip belläp geçdi.  Ykdysadyýet babatda Hökümetiň bu günki gün esasy ileri tutýan ugry hökmünde eýran Lideri ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet we söwdada öňegidişlik gazanmagy göz öňünde tutýar.

Netijede, Türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ylalaşyga görä, 1.5-2 milliard kubmetr möçberindäki Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana “swap” görnüşinde iberiler. Ylalaşyk şu ýylyň dekabryndan güýje girer. Bu ylalaşyk sebit hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilmegine goşant goşar.

Arzygül GYLYJOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok