Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) bilelikde guramagynda multimediýa žurnalistikasy boýunça okuw-maslahaty geçirildi. “Zoom” sanly wideoaragatnaşyk platformasy arkaly geçirilen bu okuw seminaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyplary gatnaşdy.
Žurnalistika ugurda bilim alýan talyplaryň ukyplylygyn ýokarlandyrmak maksady bilen guralan bu okuw seminarynda halkara ekspert Zurab Kodalaşwili (Beýik Britaniýa) öz tejribelerini talyplar bilen paýlaşdy.
Çäräniň ilkinji güni ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor-yň talyplara ýüzlenmesi bilen açyldy. 24-26-njy noýabr aralgynda geçirilen bu çärede Multimediýa žurnalistikasy, onuň görnüşleri, multimediýa žurnalistikasynda etika we standartlar, şeýle-de birnäçe temalaryň üstünde durulyp geçildi.
Sähetmyradow Meýlis
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby
Teswirler