2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi.
Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.
Çykyşlaryň barşynda bellenilişi ýaly, bu sebitleýin maksatnamanyň hereket edip başlamagy sebitiň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň korrupsiýa, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek babatyndaky mümkinçilikleriniň has hem giňeldilmegine itergi berer.
Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda häzirki döwrüň kiberjenaýatçylyk, maglumat we biologiki howpsuzlygyna wehim abanmagy ýaly meselelere garşy göreşmek babatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hem işjeň pikirler alyşyldy.
Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini bellemek bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerine çemeleşmeleriň ählumumy bitewiligi, onuň düzüjileriniň bölünmezligi konsepsiýasyndan ugur alýandygyny we bu babatda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň düzgünlerine esaslanmak bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Ählumumy strategiýasynyň sebit derejesinde durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň çäreleri alyp barýar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler