“Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti (ICRC) tarapyndan “Robotlar we Halkara Ynsanperwerlik hukugy” atly ylmy makala bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige dünýä döwletlerinden 100-den gowrak ylmy işgärler, talyplar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, žurnalistler, mekdep okuwçylary, hukukçylar gatnaşdylar. Bäsleşik birnäçe dil bölümçelerinde geçirildi, ýagny türkmen, azerbaýjan, ermeni, gazak, gyrgyz, rus, täjik, özbek we ukrain dillerinde. 

Bäsleşikde Halkara Ynsanperwerlik hukugy ugry boýunça dürli akademiki taýýarlyga garmazdan, bäsleşige gatnaşyjylar ýokary derejeli ylmy barlag işlerini görkezdiler. Biziň ýurdumyzyň halkara hukugy ugrundan bilim alýan ýokary okuw jaýlarynyň talypdyr mugallymlary we hünärmenleri hem bu bäsleşige uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetininiň halkara hukugy kafedrasynyň talyplary hem bu bäsleşige işjeň gatnaşdylar we türkmen dili dil bölüminde özleriniň ylmy makalalaryny bäsleşige hödürlediler. 

Türkmen dili dil bölüminiň talyplarynyň arasynda iň gowy ylmy makala nominasiýasy boýunça :

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň halkara hukugy kafedrasynyň talyplary, ýagny:

1 orun – Annageldiýewa Şemşat, halkara hususy hukugy hünäriniň 3-nji ýyl talyby

2 orun – Orazberdiýewa Altyn, halkara hususy hukugy hünäriniň 3-nji ýyl talyby

3 orun – Nurberdiýew Nowruz, halkara jemagat hukugy hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Talyplaryň arasynda 3 sany baýrakly orunlaryň hem biziň ýokary okuw mekdebimiziň paýyna düşmegi bolsa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli bilimiň aýdyň subutnamasydyr. Ylmy döredijilik bäsleşiginiň türkmen dili dil bölüminiň ýeňijileri Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Hünärmenleriň arasynda iň gowy ylmy makala nominasiýasy boýunça:

1 orun – Ballyýewa Dürli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy

SÄHETMYRADOW Meýlis
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň
Žurnalistika hünäriniň 4-ni ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok