Global ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysyna ýubileý medaly gowşuryldy

2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy. Çärä goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Ilçileri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan çärä hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun hem-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medal gowşuryldy. Pan Gi Mun öz çykyşynda milli Liderimize hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Bu barada Türkmenistan:Altyn Asyr saýty habar berýär.

Ýakynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşyjylara goýberen gutlagynda bolsa hormatly Prezidentimiz  saglygy goraýyş, «ýaşyl ösüş», azyk howpsyzlygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen alnyp barylýan bilelikdäki işleriň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygyny beýan etdi. Munuň özi biziň ýurdumyzda Global ýaşyl guşak institutynyň alyp barýan işlerine örän uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 Mayagozel Allamyradowa,
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň
Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok