BITARAPLYGYŇ EGSILMEZ BAGTY

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty bilen işlenilip düzülen we tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň oňyn hyzmatdaşlyk giňişliginde täze sepgitlere ýetmekligi ugrunda maksatlaýyn we toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Bu Konsepsiýa ata Watanymyz Türkmenistanyň milli we ählumumy abadançylyk bähbitlerini öz içine alýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatyny hil taýdan täze derejä götermeklik maksatlaryna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary-syýasy ugry häzirki döwrüň möhüm ugurlaryna gönükdirilip, tutuş sebitiň we bütindünýäniň geosyýasy giňişligindäki giň çäklerde netijeli hereket etmegiň milli guraly bolup durýar.

Gadymy türkmen milletiniň hem nijeme asyrlap küýsän öz döwleti, döwletliligi, garaşsyzlygy, erkinligi bu günki gün türkmen topragynda baky berkarar boldy. Şol Bitaraplygy, erkinligi, parahatçylygy goramak, ony geljekki nesillere miras galdyrmak bolsa, ähli watandaşlarymyzyň mukaddes borjudyr.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok