Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Köp zat kalba, ýürege bagly. Watana bolan söýgi ataşy bilen urup duran ýüregi hiç kim zabt edip bilmez.
Şu ýerde, öň eşidenem bolsaňyz, Syrak hakdaky meşhur rowaýaty ýatlasym gelýär. Syrak – ýönekeý bir çopan. Onuň hiç hili gural-ýaragy ýok. Diňe watanyna bolan çäksiz söýgüsi bar. Ynha şu beýik duýgy ony iň güýçli duşmana garşy ýekelikde göreşe çykmaga çagyrýar. Ol özüniň duşmanyň elinde heläk boljagyny öňünden bilse-de, munuň, ýokarda aýdylyşy ýaly, iň beýik maksat – Watanyň erkinligi ugrundaky pidadygyny ol gowy bilýärdi we hiç zatdan gorkmaýardy. Şeýdibem, ol gahrymançylygy arkaly hiç haçan zulum we basybalyjylyk bilen tutuş bir halky ýeňip bolmajakdygyny, onuň mert perzentleriniň muňa asla ýol bermejekdigini subut edýär.
Syraga meňzeş batyrgaý ýigitler dünýädäki ähli halklarda bolupdyr. Çünki islendik halkyň parahat we asuda durmuşy, bagty onuň mert we batyr perzentlerine bagly. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar».
Türkmen öňde-soňda abat we berkarar durmuş üçin göreşen halk. Watanymyzyň basyp öten ýoluny, amala aşyran taryhy işlerini hasaba alsak, bu günki parahatlygymyzyň, Bitaraplyk derejämiziň, ýeten sepgitlerimiziň, ine, şol agyr we muşakgatly döwrüň öwezine berlendigini bilmegimiz gerek. Şeýle beýik derejäni hiç kim mesaňa diýip, eliňe getirip ýa-da ony gazananyňdan soň gorap bermeýär. Onuň üçin göreşmek, gadryna ýetmek talap edilýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň watançylyk çagyryşyndan ylham alýan harby gullukçylarymyz ata Watanymyzy, Asman-Zeminimizi, baky Bitaraplygymyzy gözüniň owasy deýin ezizleýärler.
Jennet ŞIRJIKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler