Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz bolsa erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Türkmenistan Dünýä bileleşiginde BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyga eýe bolan ilkinji döwletdir.
Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, agzybirligi we bagtyýar ýaşaýşy dabaralandyrmak babatda alyp barýan bimöçber işleri döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalanmagyna güýçli täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz sebitiň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje, dünýäniň döwletleri üçin nusgalyk taglymata öwrüldi.
Watandaşlarymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen döwlet Bitaraplygymyz — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mizemezliginiň, mukaddes Watanymyzyň synmaz düýpli binýady bolan ägirt uly ykdysady kuwwatynyň mäkämliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, bolelin bagtyýar durmuşynyň esas özenidir.
Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Leýla ÝUSUPOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler