21-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary makullap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.
Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Şekil taslamalarynda bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen dürli täze gurluşyklaryň şekil taslamalaryny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi we gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi smart siti — adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly “akylly” şäher bolar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
“Akylly” şäheriň konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemek gerek. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologik ulgam döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär. Mysal üçin, “akylly” jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Şolar ýaşaýjylara tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem welaýat merkeziniň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak baradaky meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylara degişli teklipleriň üstünde işlemek tabşyryldy.
Atajan Mylkyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymy.
Teswirler