«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi

21-nji oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.

ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlüdir.

Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki işiň netijelerini seljerip, pandemiýa garşy hereket etmek hem-de onuň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

Ahmet Seýidow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok