Sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Türkmen we rus Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Onlaýn ýagdaýda geçirilen türkmen-russiýa ykdysady forumy netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de türkmen tarapdan bolsa ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda eksport şeýle-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Züleýha GURBANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok